DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystany elektrik bilen üpjün edýär

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda, goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.

26-njy awgustdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy