TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmenistan “Korkut ata” film festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanda surata düşürilen “Nejep oglan” çeper filmi şu ýylyň 8-12-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda geçirilýän “Korkut ata” türk dünýäsiniň film festiwalynda görkeziler. Bu barada film festiwalynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde Halkara kino jemgyýeti tarapyndan geçirilýän “Korkut ata” türk dünýäsi film festiwalyna 13 ýurtdan köp sanly sungat işgärleri, aktýordyr aktrisalar, degişli ministrlikleriň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşar.

Bu festiwalyň çäklerinde Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystan, Eýran, Wengriýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Tatarystan, Gyrgyz Respublikasy we Russiýa Federasiýasynyň çäklerindäki köp sanly respublikalardan filmler görkeziler.

Türkmenistan döwletimiz bu film festiwalynda “Nejep oglan” çeper filmi bilen wekilçilik eder. Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu film ýurdumyzyň kino muşdaklarynyň hem uly süögüsine mynasyp bolupdy.

Täze öwüşginli bu filmiň edebi esasyny ýazan Gowşutgeldi Daňatarow, ony goýujy reŽissýor Wepa Işangulyýewdir.

Ine, “Nejep oglan” çeper filmi “Korkut ata” türk dünýäsi film festiwalynyň çäklerinde türkiýeli teletomaşaçylara hem görkeziler. Fewtiwalyň meýilnamasyna alýyklykda, “Nejep oglan” çemeper filmi 9-njy noýabrda “Emek” kinoteartynda ýerli sagat bilen 13:00-da, şeýle hem 11-nji noýabrda ýene-de şol kinoteatrda ýerli sagat bilen 20:00-da tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

“Nejep oglan” filminiň paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek uly ekranda görkezilendigi barada ozal hem habar beripdik.

 

Türkiýe Garaşsyzlyk gününi belleýär

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle