TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan «KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady sammit geçiriler. «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine dünýäniň 48 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan-da wekiller gatnaşarlar.

Sammitiň ilkinji iş gününiň çäginde Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň söz sözlemegine garaşylýar.

Çäre iki görnüşde – onlaýn (internet arkaly) we ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler. Onuň 90 tematik sessiýanyň geçiilmegini göz öňünde tutýan huzury bölegine dünýäniň 48 ýurdunyň we Russiýanyň 25 sebitiniň wekilleri gatnaşarlar. Kazanda jemi 32 diplomatik wekilhana: daşary ýurtlaryň ilçilerine we baş konsullaryna garaşylýar.

Sammit halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekillerini, ilçihana işgärlerini, syýasatçylary, maýadarlary we telekeçileri bir ýerde jemlär.

Bu çäre Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndaky Yslam maliýe guramalarynyň ösüşine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Sammitiň iş maksatnamasynyň esasy mowzuklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy maliýeleşdirmek, halal senagat, ýaşlar diplomatiýasy, lukmançylyk, sport, döredijilikli pudaklar, eksporty ösdürmek, telekeçilik we maýa goýumlary bar.

Mundan başga-da, «Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlarynyň ýaş telekeçiler forumy» we «Ýaş diplomatlar forumy», Süýşürintgiler bankynyň goldawy bilen yslam maliýe edaralaryny ösdürmek boýunça «Sbertalk» çäresi we konserwatiw geýimleriň «Modest fashion» gözden geçirilişi gurnalar.

2019-njy ýylda sammite dünýäniň 72 ýurdundan müňlerçe wekil gatnaşdy.

Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň her ýylky halkara ykdysady sammiti Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşi we Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

 

«Çelsi» Keýn transferine ýakyn

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Teswirle