TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Hytaýdaky raýatlarymyzy alyp geler

Türkmenstan Hökümeti Hytaýdaky türkmen raýatlaryny alyp gelmek üçin ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. “türkmenportal.com” internet neşiriniň habar bermegine görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Pekin-Türkmenabat ýörite uçar gatnawy 26-njy iýunda göz öňünde tutulýar.

Pandemiýa sebäpli Hytaýda galan raýatlar bu gatnaw bilen ýurdumyza gelerler. “T5608” uçar gatnawy Pekin wagty bilen sagat 04:50-de “Pekin Şoudu” halkara howa menzilinden uçup, sagat 08:50-de Türkmenabadyň halkara howa menziline gonar.

“Boeing 777-200LR” kysymly uçar bilen amala aşyryljak bu gatnaw Türkmenistanyň Hökümetiniň tabşyrygy esasynda alnyp barylýar.

Ýurdumyza getiriljek ähli ýolagçylar 21 günlük karantin çärelerini berjäý ederler. Türkmenistanyň Hökümeti daşary ýurtdaky raýatlary getirmek üçin guramaçylyk işlerini alyp barmagy dowam etdirýär.

 

Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawy

 

 

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Teswirle