Türkmenistan-Hytaý: 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi, şeýle-de özara hereketleriň geriminiň giňledilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen derwaýys ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine güýçli itergi berendigi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we HHR-nyň köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny hem nygtadylar. Şonuň ýaly-da, ýurtlaryň «Hytaý + Merkezi Aziýa» formatyndaky netijeli özara gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi babatynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, «ýaşyl» pes uglerodly ösüş, ulag we logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energo we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýändir.

Energetika, ulag we söwda ulgamlary iki ýurduň arasyndaky däp bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Taraplar Türkmenistanyň hem-de HHR-nyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy, şeýle-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşaklyk, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda, ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp geçdiler.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň barşynda şeýle-de nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ösdürilmegi, özara düşünişmegiň we dostlugyň çuňlaşdyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň derwaýys ugry hökmünde öňe çykaryldy. Şunlukda ylym we bilim ulgamyndaky taslamalar, şeýle-de lukmançylyk we saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýandyr.

MÖHÜM YLALAŞYKLARA GOL ÇEKILDI

Şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, mejlisiň jemleri boýunça halkara resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.

Olaryň hatarynda:

  • Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021-2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama;
  • Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  • Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bardyr.

Laçyn Söýünowa – Melhemleri döredýän gözellik



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar