JEMGYÝET

Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, energetika ministri Çarymyrat Purçekow bilen Gyrgyz Respublikasynyň energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew türkmen elektrik energiýasyny Gyrgyzystana eksport etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministrligi habar berýär.

Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, 2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Gyrgyzystana 501.9 million kilowatt/sagat türkmen elektrik energiýasy iberiler.

Şertnama laýyklykda, 9-njy awgusta çenli Özbegistanyň üsti bilen Gyrgyzystana 19,2 million kWt sagat türkmen elektrik energiýasy iberildi. Şeýle hem Gyrgyzystana türkmen gazyny ibermek boýunça hem gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň elektrik energiýasyny hem-de gazyny Gyrgyzystana ibermek babatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde özara ylalaşyk gazanylypdy.

 

“Barselona” diňe Messini ýitirmedi

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy