SPORT

“Barselona” diňe Messini ýitirmedi

13 ýaşyndan bäri Ispaniýanyň “Barselona” toparynda çykyş edip gelýän Lionel Messiniň bu topardan gitmegi uly maliýe kynçylyklara hem sebäp bolar.

“Barselona” topary 17 möwsümden bäri çykyş edip gelýän Messi bilen maliýe sebäplerden täze şertnama baglaşyp bilmedi. Emma Messiniň gitmegi “Barselona” toparyna maliýe kynçylyklar döreder.

“Brand Finance” kompaniýasynyň taýýarlan hasabatyna görä, Messiniň gitmegi “Barselona” toparynyň marka gymmatyny 11 göterim pese gaçyrar. Ol hem toparyň markasynyň 2021-nji ýyldaky gymmatynyň 137 million ýewro pese gaçmagyna sebäp bolar. 

2021-nji ýylyň hasabynda dünýänň iň gymmat ikinji topary bolan “Barselona” toparynyň köýnekçeleriniň we beýleki üpjünçilik satuwlarynyň ýitgisi 77 million ýewro barabar bolar. 

“Barselona” toparynyň içinde ýetişen Messi 17 möwsümiň dowamynda 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Ol toparyň köýnekçesinde dürli ýaryşlarda 778 duşuşykda oýnap, 672 gol geçirdi. Şol döwürde Messi 6 gezek ýylyň futbolçysyna berilýän “Ballon d’Or” (“Altyn pökgi”) baýragyna eýe boldy.

 

Messi “PSŽ” bilen ÅŸertnama baglaÅŸdy

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy