JEMGYÝET

Türkmenistan-Gyrgyzystan: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde köp sanly ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şu gün “Oguzhan” köşgünde ýokary derejede türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandygy, bu babatda türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Gyrgyzystan bazaryna ibermegiň ugurlary barada pikir alşylandygy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny goldamak üçin 100 million ABŞ dollary möçberinde ygtyýarly maýasy bolan türkmen-gyrgyz ösüş gaznasynyň döredilmegi, güýz-gyş döwründe türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gyrgyzystana ibermek,  Bişkekde türkmen-gyrgyz söwda öýüni gurmak, Issyk-Kul sebitinde bäş ýyldyzly myhmanhana bilen sagadyş toplumynyň gurluşygy babatda ylalaşyga gelnendigi mälim edildi.

Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň Prezidentleri bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümet ýolbaşçylary senagat önümçiligi, ýaşlar syýasaty, daşky-gurşawy goramak, 2021–2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna, 2021-2022-nji ýyllarda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we beýleki birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekdiler.

Bu gol çekilen resminamalar Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Mundan başga-da, türkmen-gyrgyz ykdysady forumda iki ýurduň işewürleriniň arasynda 28,5 million dollara barabar ylalaşyklar gazanyldy. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri gyrgyz bazaryna iberiler.

 

Gyrgyz Prezidenti üçin resmi dabara

 

Ýene-de okaň

«Al-Nasr» topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär

“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar

“Arkadag”-“Al-Nasr” duşuşygy dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ediler

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygy: 9-njy fewralda metbugat maslahaty geçiriler