DÜNÝÄ

Türkmenistan Gazagystandaky CICA-nyň duşuşygyna gatnaşýar

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşýar.

Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habaryna görä, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen ministrleri kabul etdi.

Bu duşuşyga Bahreýn, Belarus, Hindistan, Katar, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Özbegistan, Türkmenistan ýaly döwletleriň daşary işler ministrleri, Ysraýylyň syýahatçylyk ministri, şeýle hem birnäçe ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.  Bulardan başga-da, bu duşuşyga halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Duşuşykda edilen çykyşlarda häzirki wagtda CICA-nyň Aziýa döwletleriniň arasynda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň bähbidine tagallalary jemlemek üçin degişli mümkinçilige eýedigi mälim edildi.

Gazagystanyň Prezidenti häzirki wagtda öz ýurdunyň bu gurama başlyklyk edýändigini belläp, koronawirus ýokanjy sebäpli bu başlyklyk wezipäsini talabalaýyk ýerine ýetirilmändigi üçin 2022-2024-nji ýyllar üçin hem başlyklyk üçin ýüz tutýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem ol bu guramanyň esaslandyryjylaryndan bolan Gazagystanyň Birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi guramanyň çäklerindäki Akyldarlar geňeşiniň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde görkezdi.

Bu ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý, şol sanda  owgan halkyna kömek bermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) synçy agzasy bolup durýar.

 

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary giňeldildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy