DÜNÝÄ

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi

Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi.

27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk ýubileýiniň baş dabarasy boldy.

Gadymdan bäri milli toýlarynyň doly hukukly gatnaşyjylary bolup gelýän “behişdi” ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwar-harby gullukçylar toparynyň ýörişi bu ýubileý harby ýörişiň özboluşly bezegine öwrüldi. Ähli döwürlerde atlar türkmenleriň wepaly dostlary we ýoldaşlary bolupdyr.

Diňe bir çapyksuwarlaryň ýaryşlaryny geçirmek üçin meýdança däl-de, sportuň bu milli görnüşini ýaýbaňlandyrmagyň we ösdürmegiň merkezi bolup çykyş edýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy 28-nji sentýabrda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň mesgenine öwrüldi.

Baýramçylyk at çapyşyklary tamamlanandan soňra ýeňijileri gutlap, Milli Liderimiz hemmeler bilen bilelikde edermen harby uçarmanlarymyzyň ýerine ýetiren uçuşlaryny synlady.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň asmanynda türkmen uçarmanlary tarapyndan dolandyrylýan harby uçarlaryň topary peýda boldy. Olar çylşyrymly uçar tilsimlerini ýerine ýetirmekde ajaýyp ussatlygy görkezdiler. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna salýutlar goýberildi. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.

Harby uçarmanlaryň bu görkezme çykyşlary özleriniň ajaýyp häsiýetleri bilen “asman bedewleri”, “ganatly bedewler” ýaly deňeşdirmelere mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şan-şöhratynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Ahalteke bedewleri milletimiziň durmuşynda häzirki wagtda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýarlar – indi olar özleriniň ajaýyp gözelligi bilen haýrana goýup, sagdyn we gaýduwsyz ruhy, kämillige ymtylyşy, naýbaşy gymmatlyklaryň dabaralandyrylmagy hem-de eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgularymyzyň belent baýdagy hökmünde dünýä ýaň salýarlar.

Gyşky Olimpiýa oýunlaryna halkara janköýerleri çagyrylmaýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär