TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan BSG-niň doly hukukly agzasy bolmakçy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi.

Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

“Tegelek stoluň” işiniň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nda “goşulýan ýurt” derejesine eýe bolmagy, Türkmenistanyň daşary söwdasynda ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şeýle-de, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidelmegine we bu ugurlar boýunça toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berer diýip bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew maslahatda çykyş etmek bilen, biziň döwletimiziň esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagyndan ybaratdyr diýip aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda Türkmenistan gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde yzygider tagallalary dowam etdirer.

 

Türkmenistanyň çägindäki saparlarda wagtlaýyn rugsatnama almak zerurlygy ýok

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri