TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Brýusseldäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew şu ýylyň 17-nji maýda Brýusselde geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşar.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Mundan ozal, ýokarda agzalyp geçilýän dialogyň duşuşygy 2021-nji ýylyň 1-nji iýulda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilipdi.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Golaýda, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Terhi Hakala ýurdumyzda saparda bolup, birnäçe gepleşikler geçirdi.

Şol gepleşiklerde 17-nji maýda Brýusselde ÝB hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli gepleşikleri, noýabr aýynda Ýewropanyň paýtagtynda “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 18-nji ministrleriň duşuşygy, oktýabr aýynda Aşgabatda Bilelikdäki ikitaraplaýyn komitet, şu ýylyň iýul aýynda Brýusselde “Türkmenistan – ÝB” Adam hukuklary boýunça gepleşikler, şeýle hem noýabr-dekabr aýlarynda türkmen paýtagtynda Parlamentara gepleşikleri ýaly formatlarda dürli çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar.

 

Ysraýylyň ilçisi wezipesine girişdi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle