DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-de täze başlangyçlary öňe sürer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda DIM-de degişli işler amala aşyrylýar.

BAŞ ASSAMBLEÝA ÜÇIN TÄZE TEKLIPLER

Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär.

Şolaryň biri ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr.

KORONAWIRUSYŇ GENOMYNY ÖWRENMEK ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMA

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ozal öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetiriler. Şolaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky teklipler bar.

PARAHATÇYLYGA GÖNÜKDIRILEN TÄZE BAŞLANGYÇLAR

Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barlar. Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek teklip edilýär. Bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde öňe sürmek üçin oňyn mümkinçilikleri döreder.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürmek teklip edilýär. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ýurdumyz Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine mundan beýläk hem giň goldaw berer. Bu ugurda 76-njy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda kabul edilen bu merkeziň işine bagyşlanan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda terrorçylyga garşy göreş alyp barmak wezipesi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara jemgyýetçilige BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak meselesine seretmek teklip ediler.

Türkmenistan halkara we sebit derejelerinde durnukly ösüşi gazanmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmakda BMG-niň sebit ykdysady guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamany kabul etmek we 76-njy mejlisiň dowamynda onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin degişli halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde bu mesele boýunça halkara forumy guramak teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň döredilmegini teklip etmek maksadalaýyk hasaplanýar.

PES UGLERODLY ENERGIÝANY ÖSDÜRMEK ÜÇIN TEKLIP

Şeýle hem milli Liderimiziň BMG-niň çäklerinde pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmek üçin işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO), Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) hem-de Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edilýär.

Türkmenistan köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin agzasy bolmak bilen, kabul edilen milli, sebit we ählumumy strategiýalaryň, maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYK

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işine ýurdumyzyň gatnaşmagyny giňeltmek teklip edilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de ýurdumyzyň bu guramanyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşine 2021 — 2025-nji ýyllar üçin saýlanylmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

 

Täze energetika ministri wezipä bellendi

Ýene-de okaň

33 döwlet BRIKS sammitine gatnaşmagy tassyklady

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy