TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen ITFC 3 ýyllyk çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasy (ITFC) bilen 150 million dollar möçberinde 3 ýyllyk çarçuwaly şertnama gol çekildi. Bu barada halkara guramanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu ylalaşyk ITFC korporasiýasynyň baş direktory Hani Salem Sonbol bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow tarapyndan onlaýn tertibinde gol çekildi. Bu ylalaşygyň Türkmenistanyň şu ýylyň sentýabr aýynda bu gurama goşulmak hakyndaky hödürnamasy tassyklanandan soňra gol çekilmegi uly ahmiýete eýedir.

Çarçuwaly ylalaşyk zerur bolan harytlaryň import etmek, oba hojalygy we dokma pudagyna goldaw bermek, hususy pudagy maliýeleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, söwdany ösdürmegi goldamak, söwda we eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrmak ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen gol çekilen çarçuwaly ylalaşyk barada teswir beren ITFC korporasiýasynyň baş direktory Hani Salem Sonbol: “ITFC korporasiýasy agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermäge ygrarly bolmagynda galýar. Bu gol çekilen çarçuwaly ylalaşyk bu ugurda ädilen ädimdir. Ylalaşyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan birnäçe ugurlaryny öz içine alýar” – diýip belledi.

“Sebit we dünýä derejesinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem hususy pudagy goldamak Türkmenistanyň Hökümetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we içerki we sebit söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ITFC-e agza bolmagy gowy platforma hökmünde görýäris. Söwda üçin täze mümkinçilikler hödürleýän ITFC guramasyna agza bolmagymyzdna hoşaldyrys” – diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow belledi.

 

Koronawirusa garşy tabletkalar tassyklandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle