TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy tabletkalar tassyklandy

ABŞ-nyň Azyk harytlary we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligini amala aşyrýan gullugy (FDA) “Merck” derman öndürýän kompaniýasynyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Molnupiravir” tabletka görnüşindäki derman serişdesini adatdan daşary ýagdaýlar üçin ulanmaga rugsat berdi. FDA bu rugsatnamasy bilen “Pfizer” kompaniýasynyň “Paxlovid” tabletkasyny hem koronawirus ýokanjynyň bejergisi üçin ulanmagy makullady.

Şeýlelikde, “Molnupiravir” hem-de “Paxlovid” tabletkalary koronawirus bejergilerinde peýdalanylar.

“Covid-19” ýokaşan ulularda ýeňil we orta koronawirus keselini bejermek üçin “Molnupiravir” kompaniýasyna gyssagly peýdalanmak üçin ygtyýarnama berildi. Diňe 18 ýaşdan ulular üçin ulanmak üçin tassyklanylýar, sebäbi bu derman süňküň we kıkyrtagyň ösmegine täsir edip biler.

FDA-nyň derman serişdelerini seljermek we barlag merkeziniň müdiri Dr. Patrizia Kawazzoni öz beýanatynda “Içilýän dermans erişdesi üçin berlen rugstanamana howply wirus üçin goşmaça bejeriş mümkinçiligini berýär. Wirusyň täze görnüşiniň ýüze çykmagy bilen, ýurduň “COVID-19″ bejerji mümkinçilikleri üçin gyssagly peýdalanmaga rugsat bermek bilen bir hatarda, olaryň howpsuzlygy we netijeliligi barada goşmaça maglumatlary ýygnamak dowam etdirilýär” – diýip belledi.

Bu derman serişdesiniň ölüm howpuny 30 göterim azaldýandygy bellenildi.

Şeýle hem FDA gullugy ABŞ-da ýerleşýän “Pfizer” derman kärhanasy tarapyndan koronawirusa garşy döredilen “Paxlovid” derman serişdesini hem tassyklap, ýeňil we orta  derejeli koronawirus keselini bejermekde gyssagly ulanmaga rugsatnama berdi. Bu tabletkany 12 ýaşdan uly bolan hassalar ulanyp biljekdigini mälim etdi we diňe lukmanlaryň haty bilen alyp boljakdygy mälim edildi.

 

Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde täze ýolbaşçylar bellenildi

Ýene-de okaň

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Teswirle