JEMGYÝET

Türkmenistan bilen daşary ýurt hyzmatdaşlary ulag babatda ylalaşyklara gol çekişdi

Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň agentlikleri we kärhanalary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk babatda möhüm ylalaşyklar baglaşdylar.

Gol çekilen ylalaşyklar:

  • “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Hytaýyň Raýat inžener-gurluşyk korporasiýasy bilen Türkmenistanyň demorýol infrastrukturasyny elektrifikasiýalaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek taslamalary boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi. “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Demirýolary” AGPJ-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
  • “Türkmenistan” awiakompaniýasy Germaniýanyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasy bilen tehniki hyzmat, abatlaýyş, şeýle hem ýük gatnawlayr babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi.
  • “Deňiz söwda floty” ÝGPJ bilen Gazagystanyň “Port Kuryk” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda deňiz ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi.
  • Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty bilen Özbegistan Respublikasynyň “Uztemirelkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
  • “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň “China Machinery Engineering Corporation (CMEC)” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
  • Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi bilen Owganystanyň Ýük ekspeditorlary kompaniýalar assosiasiýasynyň (AAFCO) arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
  • Şeýle hem Türkmenistanyň hususy ulag kompaniýalary bilen daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň arasynda dürli ylalaşyklara we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.

 

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: Hazar geçelgesi has-da güýçlendiriler

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary