TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlar barada…

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny yzygiderli ýagdaýda ýola goýmak üçin tagalla edýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýädäki ýagdaýlar nazara alnyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy adaty halkara uçar gatnawlarynyň birinji tapgyrynda Dubaý we Kazan ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirýär.

Halkara gatnawlaryň geriminiň kem-kemden giňeldilmegi üçin degişli işler ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara gatnawlaryň ikinji tapgyrynda ilki bilen “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän Dubaý hem-de Kazan ugry boýunça adaty howa gatnawlarynyň sanyny 2-ä çykarmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherlerine hem adaty halkara gatnawlary ýola goýmak hem meýilleşdirilýär. Bu ugur boýunça gatnawlaryň hepdede 2 gezek ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkiýe ugurly gatnawlar boýunça hem degişli işler alnyp barlyp, bu ugurda-da täzeliklere garaşylýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny ýerine ýetirip gelýär.

 

THY: Aşgabada 3 sany ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle