BIZNES

Türkmenistan 9 aýda Özbegistana 127 mln litr awtomobil benzinini eksport etdi

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

“turkmengaz.gov.tm” internet sahypasynda nellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistana awtomobil benzinini eksport etmekde ikinji orunda durýar. Bellenilen döwürde satyn alnan awtobenziniň umumy möçberiniň 34%-i türkmen benzininiň paýyna düşýär.

Bu babatda birinji orun Russiýa degişlidir (140,5 million litr). Umumy möçberiň 48,6%-ine barabar.

Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girýär.

Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 litr ýokarlandy.

Öň habar berlişi ýaly, geçen ýyl Özbek respublikan haryt-çig mal biržasynda ECO-93 söwda belgili türkmen benzini satylyp başlandy.

Tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benziniň önümçiligi Türkmenistanda Ahal welaýatyndaky täze zawodda amala aşyrylýar. Zawod 2019-njy ýylyň iýun aýynda işe girizildi.

Türkmenistan Döwlet haryt-çig mal birasynyň üsti bilen öz nebit önümlerini Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerine satýar.

 

Gazagystan GDA baÅŸlyklyk eder

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar