BIZNES

Türkmenabatda şöhladyň taýýarlanylyşyny synlap, satyn alyp bolýar

Türkmenabat şäherinde «Şöhlat öýi» atly söw­da dü­kan­ly tä­ze önüm­çi­lik peý­da bol­dy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, bu ýer­de ila­ta dür­li gör­nüş­li, go­wy hil­li şöh­lat­lar hö­dür­le­ni­lip baş­lan­dy. Täze önüm­çi­li­giň iş­gär­le­ri ba­zar bäs­le­şi­gi şert­le­rin­de ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň is­leg­li we geç­gin­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­runda yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Toplum şäheriň 3-nji etrapçasynda ýerleşýär.

«Wi­lan­ta» hu­su­sy kär­ha­na­syna degişli «Şöh­lat öýi» önüm­çi­lik bö­lü­mi gys­ga wag­tyň için­de aly­jy­la­ryň hö­wes bi­len gel­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Bi­na­nyň kö­çe ta­ra­py­nyň tu­tuş aý­na bi­len ö­rtü­len­di­gi onuň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Bu şöh­lat önüm­le­ri­niň taý­ýar­la­ny­ly­şy­ny syn­la­ma­ga-da müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýer­de syn­la­ma­ga-da, iş­le­riň gi­di­şi­ne to­ma­şa et­mä­ge-de zat az däl. Şon­da iş­le­riň saz­la­şyk­ly gu­ral­ýan­dy­gy­na, şöh­lat taý­ýar­laý­jy­la­ryň aras­sa otag­lar­da, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan en­jam­lar­da ba­şar­jaň­lyk bi­len zäh­met çek­ýän­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Ila­tyň ösen is­le­gin­den peý­da­lan­ýan önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin ze­rur bo­lan et hu­su­sy kär­ha­na­nyň Fa­rap et­ra­byn­da­ky mal­dar­çy­lyk hojalygyndan ge­lip go­wuş­ýar. Önüm­çi­lik bö­lü­min­de çig et aras­sa­la­nylyp, üwe­len­den soň­ oňa ze­rur go­şun­dy­lar go­şul­ýar, soň­ra olar­dan gaý­na­dy­lan, ka­ka­dy­lan we beý­le­ki şöh­lat önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar we şol ýer­de hem sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Sa­tyn al­nan ha­ryt üçin tö­le­giň «Al­tyn Asyr» bank kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len nägt däl gör­nüş­de hem alyn­ma­gy bol­sa al­yjy­lar üçin goş­ma­ça amat­ly­lyk­la­ry dö­red­ýär.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär