BIZNES

Türkmen telekeçileri täze şertnamalar baglaşdy

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahaty geçirilýär. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Serginiň çäklerinde ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy.

Şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek.

Şolardan 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.

 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azizi Group kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

Türkmenistan-Awstriýa: Bitarap döwletleriň dostlukly hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dabaraly açyldy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan bilen “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer