TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen telekeçileri: sanlar we maglumatlar

Şu gün öz işine başlan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi dowam edýär.

Ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýän käbir sanlar we maglumatlar “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilýär.

  • şu ýylky sergä hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşyp, döwrebap guralan pawilýonlarda olaryň iş usullary we önümçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri onuň agzalarynyň sany 27 müňden geçdi;
  • döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, geçen 14 ýylyň içinde birleşmäniň agzalarynyň öndüren senagat önümleriniň möçberi 78,8 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 85,2 esse ýokarlandy;
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak ýer böleginde döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň ýüzlerçesinde dürli görnüşli senagat, gurluşyk we beýleki önümler öndürilip, içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýär;

  •  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde jemi 336 sany, birleşmäniň buýurmagynda 134 sany binanyň we desganyň, şol sanda 132 sany 7,9 gatly we 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryň, 1 sany myhmanhananyň hem-de söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar;

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden resminamalary esasynda telekeçilere önümçilik desgalaryny gurmak we ekin meýdanlaryny döretmek üçin geçen döwürde 100 müň gektara golaý ýer bölekleri bölünip berildi;

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» degişli Kararyna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna örän ýeňillikli şertlerde jemi möçberi 600 million manat bolan karz serişdeleri goýberildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy martyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň bank edaralary tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we suw tygşytlaýjy enjamlary satyn almak üçin, oba hojalyk we azyk ugurly önümçilikleri döredýän hususy taraplara karz serişdeleri berilýär;

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2020-nji ýyllarda kabul eden degişli Kararlary esasynda örän ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä meşhur «John Deere» kompaniýasynyň jemi bahasy 176 milliondan gowrak amerikan dollaryna 3050 töweregi oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alyndy;

  • geçen ýyllaryň dowamynda birleşmäniň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk we balykçylyk ugurly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalaryň ýüzlerçesi gurlup işe girizildi;

  • birleşmäniň agzalaryna ekerançylyk işlerini alyp barmak üçin bölünip berlen umumy meýdany müňlerçe gektara barabar bolan ýerlerde gök-bakja, däneli we kösükli, ot-iýmlik, ýag alynýan ekinleriniň, miweli baglaryň, üzüm we tut agaçlarynyň ýokary hasyl berýän häzirki zaman görnüşleri ekerançylyk medeniýetiniň iň soňky gazananlary ulanylyp ösdürilip ýetişdirilýär;

  • telekeçiler tarapyndan 120 töweregi maldarçylyk, 80-e golaý guşçulyk toplumlary guruldy. Toplumlarda mallaryň ýokary önümliligi bilen tapawutlanýan tohumlary hem ösdürilip ýetişdirilýär;

  • hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde döwletimizde ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ugrunda birnäçe halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalaryň üstünlikli berjaý edilmeginde 1300-den gowrak senagata ýöriteleşen agzasy bolan TSTB-niň hem uly hyzmaty bar;

  • telekeçilerimiziň senagatda güýçli depginler bilen öňe gitmeginde, Ahal welaýatyndaky Senagat zolagynyň hyzmaty uludyr. 260 gektardan gowrak meýdany eýeläp, ýüzlerçe senagatçyny özünde jemleýän bu zolak gije-gündiziň dowamynda zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldi.

     

    Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi açyldy

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle