TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi açyldy

Şu gün – 12-nji aprelde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň hem-de habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Hususyýetçileriň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri mynasyp orun eýeleýär. Şeýle hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara üstaşyr ulag ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň şöhlelendirilýär. Şeýle-de şu günki sergä köpugurly internet we kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän işewürler hem gatnaşýar.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forumyň çäklerinde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty hem geçiriler.  Mahlasy, bu sergi ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezer.

 

Telekeçileriň sergisi we maslahaty

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle