TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi » atly bäsleşik yglan edildi

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ähli ugurlar bilen birlikde, türkmen tebigatynyň täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek görnüşleri baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek, şeýle-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly bäsleşigi yglan edýär

Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan islendik ýaşdaky raýatlar we fotosuratçylar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän işler many-mazmuna, takyk maglumatlara baý bolup, olarda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň ýylyň dürli möwsümlerine mahsus owadan keşbi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, şeýle-de heniz mälim bolmadyk ýa-da doly öwrenilmedik täsinlikleri beýan edilmelidir. Bäsleşige iberilýän eserler makala, oçerk, ýol ýazgylary, zarisowka ýaly dürli žanrlarda, suratlar bolsa fotoreportaž görnüşinde bolmalydyr. Hödürlenilýän işler, fotosuratçylaryň suratlary gazet-žurnallarda ozal çap edilen bolmaly däldir. Türkmen tebigatynyň täsinliklerini açyp görkezýän eserleriň degişli suratlarynyň bolmagy hökmanydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän işler elektron nusgada «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron poçtasyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen ugradylmalydyr.

Olaryň arasyndan iň gowulary saýlanyp-seçilip, «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» diýen rubrika bilen gazetde çap ediler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniňsalgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.

Bäsleşik bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

 

Orazgül Apbasowa: “Käşgä 60 ýaşa dolanyp barsadym…”

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle