DÜNÝÄ

Türkmen-owgan serhedi baradaky habarlar hakykata laýyk gelmeýär

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý boýunça barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy resmi saýtynda habar berildi.

Ilçihananyň resmi saýtynda berlen maglumata görä, Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar we türkmen-owgan serhedi dostluk serhedi bolup durýar.

Türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak boýunça owgan tarapy bilen ylalaşykly hereketler yzygider esasda alnyp barylýar.

“YouTuber”-ler aýda näçe pul gazanýar? “YouTube” -da özüne çekiji mazmun nädip öndürmeli?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi