Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda Kararyň taslamasy hödürlendi.
Ýurdumyzyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hereket edýän kärhanalaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary zerur önümler bilen üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ministrligiň Balkan kän müdirligine “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder.
Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklarynyň binýadynda sulfat önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan taslamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, aýlagyň mineral duzlarynyň düzüminiň natriý we magniý sulfatlary, magniý hloridi, litiý hem-de onuň birleşmeleri, magniý oksidi, magniý metaly ýaly himiki elementlere baý gorlarynyň bardygy tassyklanyldy.
Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we bu täsin tebigy desganyň gorlaryny senagat möçberinde özleşdirmegiň ykdysady taýdan maksadalaýykdygyny kesgitlemek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak zerurdyr.