BILIM

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty “Açyk Gapylar” gününe çagyrýar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlary şu ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda institutda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgyda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýy.

Telefon belgileri: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.

Seýitnazar Seýdi adyndaky  Türkmen döwlet  mugallymçylyk instituty  baradaky maglumatlar  bilen (www.tdmugi.edu.tm) web-saýtynda tanşyp bilersiňiz.

 

Dürli şekilli miwe, gök-bakja önümleri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty “Times Higher Education” reýtingine goşuldy

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý Ylym we tehnologiýalar uniwersiteti arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmen milli dünýä dilleri instituty ylym-bilim hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalara gol çekişdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişdiler