TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmen döwlet maliýe instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Türkmen döwlet maliýe instituty  “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar  gazetinde” çap edilen bildirişe görä, Türkmen Döwlet Maliýe instituty2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde we 26-njy maýynda sagat 15:00-da 2023-2024-nji okuw ýylynda okuwa   girmäge isleg bildirýän orta    mekdepleriň uçurymlaryny,  harby bölümleriň esgerlerini,  edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary  «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri), okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň geçirilişi, institutyň ösüş taryhy barada maglumat berýän muzeýi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat ş., 1987 köçe,

(Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

49-07-92, 49-88-52, 49-63-09.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti: “Açyk Gapylar 2023”

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

«Ýylyň talyby-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Teswirle