DÜNÝÄ

Türkmen diplomatlary Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Gurbanow hem-de Maşat şäherindäki Baş konsuly Eýran tarapynyň çakylygy boýunça ýurduň Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynyň we Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilcihanasynyň resmi “Instagram” sahypalaryna bellenilip geçilýär.

Saparyň çäklerinde diplomatlar Gülüstan welaýtynyň häkimi Dr. Ali Mohammad Zengane we Daşary işler ministrliginiň Gülüstan welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Zolfagar Amirşahi hem-de eýran-türkmen serhetýaka Inçeburun-Akýaýla demirýol merkeziniň we Etrek gümrük geçelgesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça diplomatlar Gülüstan welaýatyndaky Magtymguly Pyragynyň aramgähinde Gündogaryň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna geçirilen medeni çärelere hem-de baýramçylyk at çapyşyk ýaryşlaryna gatnaşdylar.

Saparyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky, hususanda serhetýaka welaýatlarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň barha ösýändigini buýsanç bilen belläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine itergi berjek teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

BSSG: maýmyn mama keseli üçin sanjym hökmanmy?

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy