TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkiýe döwletine ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar

Türkiýe döwletine Türkmenistan raýatlary üçin öň girizilen ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2022-nji ýylyň  13-nji sentýabrynda gol çeken  №6034 belgili Karary bilen Türkiýe Respublikasynyň  öň girizilen Türkmenistan raýatlarynyň 30 günden köp bolmaýan möhlet üçin  wizasyz Türkiýe syýahat düzgün ýatyryldy.

Bu Karar Türkiýäniň kanunçylyk namalarynyň neşir edilýän  Resmi Gazetiniň 14 09 2022 seneli we 31953 belgili sanynda neşir edildi.

Türkiýe Respublikasynyň Ministrler Kabineniniň 19.07.2007 seneli we №2007/12441 belgili Karary bilen Türkmenistan raýatlary eger Türkiýe Respublikasynya 30 günden geçmeýän möhlet bilen syýahatçylyk maksat bilen gelmek isleýän bolsa, onda wiza talap edilmeýärdi.

 

Ýadyňyzda bolsa ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat ýaýradypdy we ol beýanatda  Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlenendigi bellenilýärdi. Munuň yzysüre biz Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasyna ýüzlenip, Türkiýe syýahatçylyk wizasy üçin gerek bolan resminamalaryň sanawyny www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna we ýörite wideo habary bolsa  Atavatan TV You Tube kanalyna ýerleşdiripdik.

Eger Türkiýä syýahatçylyk wiza üçin resminamalaryň terjimesi gerek bolan halatynda, bu resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherindäki “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401 Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55.

Türkiýeden aljak bolsaňyz, terjime üçin “Atawatan Danyşmanlyk LTD” kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +90 532 401 71 52/+90 530 251 36 73

Habarlarymyzy yzarlamak we ýeňillik oakamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle