DÜNÝÄSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä rus “Sputnik V” sanjymyna garaşýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň ýolbaşçylary ilkinji nobatda birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma  bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Sebitde we ählumumy derejede wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dünýä bileleşiginde uly ynjalyksyzlyk döredýän koronawirus pandemiýasy meselesi barada durup geçildi. Bu howpa garşy üstünlikli göreşmegiň möhüm şerti hökmünde halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin Türkiýede “Sputnik V” sanjymynyň bilelikdäki önümçiligi barada söhbete başlady. Putin bilen Ärdogan Russiýanyň koronawirus sanjymy bolan “Sputnik V”-ni Türkiýede bilelikde öndürmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdy. Şu aýdan mümkin boldugyndan gysga wagtda “Sputnik V” sanjymynyň Türkiýe iberilmegini gurnalmagynyň ähmiýeti bellendi. Şeýle hem, Türkiýede rus sanjymyny bilelikde öndürmek mümkinçiligi barada işleri alyp barmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Bu barada Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri hem şeýle beýan etdi: Türkiýe 6 aýyň içinde 50 million doza “Sputnik V” sanjymyny almak barada şertnama baglaşdy. Ilkinji tapgyr maý aýynda bolar. Mundan başga-da, bu sanjymy biziň ýurdumyzda öndürmek üçin tehnologiýalar getiriler.

                                                                     

Taýýarlan: Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Dünýäniň iň gowy sanjymy saýlandy

 

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri