SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň gowy sanjymy saýlandy

Bütindünýä sanjym kongresi dünýäniň iň gowy sanjymyny saýlady. Bu ugurda birinjiligi ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň işläp düzen we öndüren sanjymy eýeledi. Şeýle hem sanawda “Sputnik V”, “AstraZeneca”, “Bharat Biotech”, “Janssen”, “Medicago”,”Novavax”, ” Pfizer/BioNtech” sanjymlary we haýwanlar üçin niýetlenen “Zoetis” sanjymlary bardy.

Dünýäniň iň gowy sanjymy saýlamak dabarasy onlaýn tertibinde geçirildi. Ol ozal her ýyl Waşington şäherinde geçirilýärdi. Forumda amerikan kompaniýasynyň “Moderna” sanjymy “COVID-e garşy iň oňat sanjym” kategoriýasynda ýeňiji boldy.

Sanjymlaryň haýsy esasda ýeňiji saýlanandygy barada maglumat berilmeýär. Şeýle hem “Pfizer/BioNTech” kompaniýasynyň sanjymy “Iň ýokary baha” kategoriýasynda birinji boldy. “Moderna”-nyň sanjymy “Iň gowy täzeçil tehnologiýa/sanjym üçin platforma” kategoriýasynda hem öňdeligi eýeledi.

Bütindünýä sanjym kongresi bu ugurda öňdebaryjylaryň biridir we ol 20 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilip gelinýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy aprel aýynyň ahyrynda “Moderna” sanjymyny gyssagly ulanmak üçin maslahat berilýän sanjymlaryň sanawyna goşupdy. Ýewropanyň Derman serişdeleri agentligi bolsa mart aýynyň başlarynda “Moderna” sanjymynyň howpsuzdygyny tassyklapdy.

 

Çempionlar ligasy: iňlis toparlarynyň finaly

 

 

Ýene-de okaň

Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk forumy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Baş Redaktor

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar

Türkmenistanyň nobatdaky saglyk ulgamyndaky üstünligi