JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

12-nji martda Türkmenistanda Prezidenti saýlawlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Saýlawlara syn etmek üçin daşary ýurtlardan birnäçe halkara guramalaryndan synçylar hem çagyryldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Türki Döwletleriň Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryndan synçylar ýurdumyzda bolup, saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda halkara synçylar toparlarynyň saýlawlar barada garaýyşlary beýan edildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen bir hatarda ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Gismat Gozalow bu guramanyň synçylar toparynyň beýanaty bilen çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda saýlawlaryň halkara ülňülerine we ýerli kanunçylyga laýyklykda, ýokary  guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belledi. Ol türkmen tarapynyň çakylygy boýunça bu saýlawlara synçy hökmünde gatnaşandyklaryny, saýlaw gününde köp sanly saýlaw uçastoklaryny aýlanyp görendiklerini belledi.

Ol saýlaw uçastoklarynda bolan döwründe saýlawlaryň geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilendiginiň şaýady bolandyklaryny belläp, Prezident saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärler üçin öz maksatnamalaryny halk köpçüligine ýetirmek üçin deň derejede şertleriň döredilendigini belledi.

Gismat Gozalow saýlawlarda ilkinji gezek ses berýän saýlawçylaryň höweslendirilmeginiň şaýady bolandyklaryny belläp, saýlawçylaryň öz mynasyp dalaşgärine ses bermegi üçin ähli şertleriň döredilendigini mälim etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Gismat Gozalow saýlawlaryň netijeleriniň türkmen halky üçin has haýyrly bolmagyny diledi.

 

Türkiýeden Türkmenistandaky saýlawlara ýokary baha

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy