DÜNÝÄJEMGYÝET

Türkiýeden Türkmenistandaky saýlawlara ýokary baha

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlary barada beýanat berdi. Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlary baradaky beýanatda saýlawlara ýokary baha berlipdir.

Hususan-da, bu beýanatda şeýle diýilýär:

– Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda asuda we parahatçylykly geçirilendiginden uly kanagatlanma duýýarys.

Taryhy arabaglanyşygymyz bolan Türkmenistanyň durnuklylygyna we gülläp ösmegine uly ähmiýet berýäris we Prezident saýlawlarynyň netijeleriniň dostlukly we doganlyk Türkmenistan üçin haýyrly bolmagyny arzuw edýäris.

Şeýlelik bilen, ýakyn geljekde sebitleýin durnuklylyga we gülläp ösmäge goşant goşjak görnüşde birek-birege hormat goýmak we halklarymyzyň umumy bähbitleri esasynda doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek islegimizi tassyklaýarys.

 

GDA-nyň synçylar topary saýlawlaryň guramaçylygyna ýokary baha berdi

Ýene-de okaň

A,gabatda «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri