BIZNES

«Türk­men-türk» ban­ky: ýeňillikli karzlar, onlaýn tölegler

Ýurdumyzda hereket edýän «Türk­men-türk» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky telekeçileri goldamak, ýaş maşgalalara durmuş maksatly harytlary satyn almak üçin we beýleki ýeňillikli karz mümkinçiliklerini hödürleýär. Şeýle hem «Internet bank» hyzmaty arkaly dürli onlaýn töleg hyzmatlaryny amala aşyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde bellenilip geçilýär.

— kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şol sanda hususy telekeçileri goldamak, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny gazanmak, ilatyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň işewür telekeçilerine paýly gurluşyk hem-de önümçilik bank karzlary;

— raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksadyna, ýyllyk 10 göterim bilen, üç ýyl möhlete, 30 000 manada çenli berilýän kiçi göwrümli karzlary;

— durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak maksadyna, ýyllyk 1 göterim bilen, 3 ýyl ýe­ňillikli möhlete, umumy möçberi 6 müň manada çenli berilýän «Ýaş çatynjalar» karzy;

— gündelik durmuş we hojalyk harytlaryny satyn almak maksadyna, ýyllyk 15 göterim bilen, üç ýyl möhlete, umumy möçberi 50 müň manada çenli bolan sarp ediş karzy ýaly bank karzlarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini gi­ňeltmek, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Altyn asyr», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary, sanly ulgamda «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň ähli amatlyklaryndan peýdalanmaga-da çagyrýar. «Altyn asyr» bank karty­ňyza «Internet bank» hyzmatyny birikdirip, ýurdumyzyň çäginde şu aşakdaky hyzmatlaryň töleglerini internet arkaly amala aşyryp bilersi­ňiz:

— bank hasaplarynyň galyndylaryny we hereketlerini görmek;

— ipoteka we beýleki bank karzlaryny hemde olaryň göterimleriniň töleglerini;

— «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň töleglerini;

— şäher telefon ulgamynyň hyzmatlarynyň töleglerini;

— IP-TV (AŞTU) hyzmatlarynyň töleglerini; — internet (AŞTU) hyzmatlarynyň töleglerini tölemek;

— bank kart amallarynyň göçürmesini almak.

Doly maglumat almak üçin bankyň resmi internet sahypasy: turkmenturkbank.com.tm

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­miz: Aş­ga­bat şä­he­ri — 93-83-51, 93-24-78, 93-68-11/02, 42-27-93/94, 43-94-97/98; Türk­me­na­bat şä­he­ri — 800422 9-61-68, 9-54-99; Da­şo­guz şä­he­ri — 800322 2-42-51; Ma­ry şä­he­ri — 800522 6-73-37, 6-74-73, 6-77-73; Ker­ki şä­he­ri — 800444 2-53-91/92.

 

23-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Yrak türkmen gazy üçin Dubaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler