BIZNES

TSTB-niň agzalary 175-den gowrak ýyladyşhana gurýarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyz boýunça 175-den gowrak täze ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalary gurýarlar. Gurulýan desgalaryň umumy meýdany 1 müň 675 gektara barabar.

Şeýle köp sanly täze şitilhana hojalyklarynyň gurulmagy oba ýerlerinde müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder, içerki oba hojalygynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we daşary ýurtlara isleg bildirýän türkmen pomidorlarynyň eksportyny artdyrmaga kömek eder.

Bellenen taslamalaryň käbiri eýýäm durmuşa geçirmegiň soňky tapgyryna gadam basdy. Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda täze ýyladyşhana möwsümine ýene 100 gektar täze ýyladyşhanalary işe girizmek meýilleşdirilýär.

Telekeçiler ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda jemi 600 gektar meýdanda häzirki zaman ýyladyşhana toplumlarynyň işle başlamagyna garaşýarlar.

Türkmenistan hökümeti gök önümleriň, miweleriň we iýmişleriň importynyň öwezini dolmak üçin işjeň çäreleri geçirýärler. Döwlet telekeçileri ýeňillikli karzlar bilen goldaýar, ýyladyşhana döretmek üçin iň täze enjamlary satyn almaga kömek edýär. Bu bolsa bu ugurdaky işi has möhüm we özüne çekiji edýär.

Çeşme: tstb.gov.tm/

Dollaryň ornuny eýeläp biljek 6 walýuta

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar