TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Maşgalada çaga terbiýesi

Aslyna seredilende her bir maşgalanyň, her bir ene-atanyň özüne mahsus bir terbiýeçilik usuly bolýar. Ylmy-barlag işleriniň netijelerine görä köp maşgalada öňden gelýän däpler we usullar boýunça terbiýeleýärler. Emma çagany öz ýaşaýan döwrüne görä terbiýelemek has dogrudyr.

Terbiýe meselesinde her bir çaga gezek gelende, onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerurdyr. Ýöne, gijä goýman, turuwbaşdan alada etmeli.

Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady bu barada gaty ýerlikli aýdypdyr.

Perzendi okuw ýaşyna ýetende, ene-atalar çagalaryny Garry mollaň huzuryna getirip, “Süňki meňki, eti Siziňki” diýip ýüzlenip:

  • Şu çagamyza edep bilen bilim beräýseňiz diýenlerinde, akyldar, dana kişi:
  • Bilim bereýin, bu bilim almak ýaşyna ýetipdir. Edep meselesinde gijä galypsyňyz, sebäbi çaga edep bermek has ir, ýagny çaga göwrede galan gününden başlanýar, diýer eken.

Azadynyň nygtaýşy ýaly, her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi maşgala ojagyndan başlanýar. Ol terbiýe has netijeli we dowamly bolýar.

Çaga bir ösümlikdir, ony nähili ýetişdirseň şoňa göräde gül açar, diýipdirler. Dogrudan hem çagalar geljegimiziň gülleridir, güllere bolsa tertibine laýyklykda seredilmese guraýarlar we saralyp solýarlar. Şol sebäpli ol gülleriň gowy ýetişmegi üçin olara mahsus şertler döredilmelidir.

Çagalara käýemezden, sesimizi beýgeltmezden nähili terbiýeläp bileris?

Çaga dünýä inen gününden başlap, olar bilen mylaýym gürleşmegi başarmalydyr. Sebäbi çagalar biziň gürleýişimiziň ählisini özüne çekip alýarlar. Olara gahar bilen ýüzlenip bir zat etdirseň,  hemişe şeýle bolmalydyr diýip pikir edýärler. Netijede, çagalara gygyrmasaň, gaharlanmasaň diýen etmän başlarlar.

Çagalarymyzdan çendenaşa talabediji bolmaly däldir. Olardan aşa talapkär bolmak, köp zatlary etmeklerini islemek, çagalaryň özüne bolan ynamyny azaldýar. Bu bolsa olaryň gelejekde çekinjeň, özüne ynamsyz bolmagyna ýol açýar. Çagalarda näme kemçilikler bar bolsa, onuň sebäpkärleri bizdiris. Çagalardaky kemçilikleri düzetmek üçin hormatly ene-atalar, ilki bilen özümize göz aýlamalydyrys.

Çagalaryňyz bilen köp wagt geçirjek boluň. Eger işiňiz näçe köp bolsa-da, çagalaryňyz bilen her gün birlikde wagt geçirmegi unutmaň. Olar bilen birlikde kitap okaň, oýun oýnaň. Umuman olaryň soraglaryny jogapsyz goýmajak boluň. Kähalatlarda çagalar bermesiz soraglary berseler-de olara laýyk bir görnüşde jogap bermeli.

Ýene-de bir bellemeli zat öz ýalňyşlaryňyzy boýun almagy başaryň! Eger-de siz nädogry hereket etseňiz, onda nädogry hereketleriňizi boýun alyp başarsaňyz, olarda adalatlylyk duýgusyny oýararsyňyz.

Çaga täsin we özüne görä hekaýadyr. Olar aýdymlar aýdanynda, oýunlar oýnanynda, bir zatjyklar ýasasynda hökmany suratda oňa üns berlip, diňlenilmeli we goldanylmalydyr. Bu bolsa çaganyň ylhamyny, isleg arzuwlaryny we özüne bolan ynamyny artdyrýar.  Sebäbi olaryň çaga dünýäsinde, hossarlary we özüne ýakyn bolan ynsanlar tarapyndan gowy görülmeklik we özlerine üns çekdirmeklik islegleri güýçli bolýar. Munuň üçin bolsa ilki bilen ene-atalaryň özlerinde gowy ahlak düşünjeleriniň bolmagy, dünýägaraýşynyň giň bolmagy gerek.

Perzent adamyň iň uly baýlygy, goralmaly iň uly hazynasy. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat aýdylýar:

Bir gelin ýurtda sylagly dananyň ýanyna baryp:

  • Bu şäherde menden garyp adam ýok! Maňa kömek ediň?! – diýipdir.

Goja gelniň gujagyndaky bäbejigiň alma ýaly ýaňaklaryndan ogşap:

  • diýmek, garyplykdan zeýrenýärsiň-dä! Eger saňa kömek etmegimi isleýän bolsaň, çagaň birje barmagyny satmaly bolarsyň – diýýär.

Gelin ilki gojanyň akyly çaşandyr öýdüpdir. Soňra-da, “oýun etýändirle” – diýip pikir edipdir. Emma gojanyň gara çynymyşyn. Ol gelniň öňüne bir halta altyn süýşürip:

  • Aýajygynyň barmaklaryndan bolsa-da, men razy! Hekimlikden başym çykýar, çaga ezýet bermezden alaryn – diýipdir.

Gelin tutuş durky bilen galpyldap durka, Ýagşyzada:

  • Diňe dyrnajygyny sogrup alsamda bolýar, gorkma wagty geler ýerine täzesi çykar diýipdir.

Gelin inini tikenekledýän bu teklipleri mundan artyk eşitmäge çydam edip bilmändir. Gapyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp barýarka, goja:

  • Gyzym, hany aýak çek. “Men garyp” diýip nalaýarsyň, men saňa nähili uly baýlyga eýedigiňi görkezmek isledim. Görýäňmi gujagyňdaky hazynanyň ýekeje dyrnagyny hem bir halta altyna çalyşmadyň. Sen dünýäniň iň uly baýlygyna eýesiň gyzym. Munuň üçin nalamagyň ýerine şükür etmegiň gerekdir, diýipdir.

Çaga terbiýesi barada gürrüň edilende maşgalada berilýän nädogry terbiýe baradada aýtmak hem zerurdyr. Ol hem öz gezeginde birnäçe görnüşde bolýar:

  • Gowşak tutmaklyk. Bu görnüşde çaga terbiýesi ene-ata tarapyndan ünsden düşürilýär. Ene-ata çagasynyň näme bilen meşgullanýandygyny, kimler bilen tirkeşýändigini, nähili aladasynyň bardygy bilen gyzyklanmaýarlar. Bu hili terbiýe çaga ene-atanyň mähri, söýgüsi ýetmezçilik edýär. Ene-atasynyň gözegçiliginde bolmandygy sebäpli, olar öz ugruna ýaşap ýören çagalara öwrülip, islän hereketlerini edýärler. Olar ýaly çagalarda hiç bir zada bolan jogapkärçilik bolmaýar.
  • Aşa berk tutmaklyk. Terbiýäniň bu görnüşinde ene-atalar çagalaryny hemişe göz astynda saklaýarlar. Olaryň her bir ädimini, her bir pikirini yzarlaýarlar. Olaryň islendik hereketlerini gadagan edýärler. Çagalaryna hiç hili özbaşdaklyk bermeýärler. Şeýle yzygiderli gadagan etmeler, çagany özbaşdaklykdan mahrum edýärler. Çagalaryna hiç hili özbaşdaklyk bermeýärler. Olar näme hereket etseler öz hereketlerini ters hasaplaýarlar. Özlerine bolan ynamlary pese düşýär. Şondan hem kynçylyk çekýärler.
  • Lälik tutmaklyk. Bu görnüşde çagany aşa lälik saklaýarlar. Her bir eden işine, aýdýan sözünde ony götergiläp, öwüp arşa çykarýarlar. Şol öwgi atmosferasynda ýaşan çaga diňe özüni ünsi çekesi gelýär. Bir tarapdan lider bolasy gelýär. Beýleki tarapdan ony başarmaýar. Soňra işi rowaç bolmadyk halatynda her hili mekirlige ýüz urýar.
  • Sowuk-sala garamaklyk. Şeýle görnüşli terbiýede çaga özüniň ene-atasy tarapyndan gowy görülmeýändigini duýýar. Haçan-da özüniň doganyna köp üns berlip, ol gowy görülse bu ýagdaý has hem agyrlaşýar. Çagany ýasamadan söýgüleýärler. Emma muňa garamazdan, çaga ýüregi bu ýasamalygy aňýar.
  • Zabun tutmak. Terbiýäniň bu görnüşinde ene-atalar “Gamşy gowşak tutsaň eliňi gyýar” diýen nakyldan ugur alýarlar. Aşa berk tutýarlar we çagalaryň kiçijek ýalňyşlaryna uly temmi berýärler. Şeýle terbiýe alan çagalaryň aglabasy alan terbiýesi ýaly zabun adam bolup ýetişýärler.

Çagalarymyzy adam edip ýetişdirmekde, döwrebap nesil edip kemala getirmekde, biziň diňe bir şahsy bähbidimizi däl, eýsem, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly hem onuň diregi bolmaly.

 

Gülälek Orazmyradowa

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy

Related posts

Türkmen sporcular Asya Atletizm Şampiyonası’na katılacak

Gemi yapımı, Türkmenistan ile Güney Kore arasındaki yeni işbirliği alanı olacak

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan Havayolları” filosu ilk kargo Airbus uçağına kavuşacak

Teswirle