To­msuň ys­sy gün­le­rin­de özü­ňi­zi şäh­da­çyk, ru­hu­be­lent, sag­dyn duý­mak is­le­se­ňiz, aras­sa agyz su­wu­ny ta­la­ba­la­ýyk iç­me­gi unut­maň! Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, suw adam be­de­nin­de bo­lup geç­ýän äh­li fi­zio­lo­gik ha­dy­sa­la­ra — dem alyş, gan aý­la­nyş, iý­mit siň­di­riş, bö­lüp çy­ka­ryş we beý­le­ki ha­dy­sa­la­ryň ka­da­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy­na do­ly gat­naş­ýar. Adam su­wy yzy­gi­der­li iç­me­se, tap­dan dü­şüp baş­la­ýar, ýag­ny be­den­de suw ýet­mez­çi­li­gi ýü­ze çy­kyp, öý­jük­ler­de we da­mar­lar­da ga­lyn­dy­lar ýyg­nan­ýar, ol ga­nyň go­ýal­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, be­den ag­za­la­ry­nyň işi bo­zu­lyp, dür­li ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­mak how­py ýo­kar­lan­ýar.

Be­den­de şeý­le nä­saz­lyk­lar ýü­ze çyk­maz ýa­ly, suw iç­me­giň hem öz düz­gün­le­ri bar. Aras­sa agyz su­wy be­de­niň ta­la­by­na la­ýyk ka­bul edi­len­de, im­mun iş­jeň­li­gi ýo­kar­la­nyp, ho­wa şert­le­ri­niň üýt­gäp dur­ma­gy ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýan nä­saz­lyk­lar­dan go­ra­ýar. To­mus­da ho­wa­nyň ys­sy­ly­gy se­bäp­li, adam be­de­ni su­wy köp ýi­tir­ýär, su­wa ta­la­by ýo­kar­lan­ýar. Suw ýe­ter­lik içi­len­de, be­de­niň çyg­ly­lyk de­re­je­si sak­lan­ýar. Luk­man­lar su­wy na­har iý­mez­den ýa­rym sa­gat öň iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär. To­mus­da gü­nüň do­wa­myn­da 1,5 — 3 lit­re go­laý aras­sa suw iç­me­li.

Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ir­den tu­rup, ajö­ze bir bul­gur aras­sa suw iç­mek iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Kä­bir adam li­mon­ly su­wy iç­me­gi ha­la­ýar. Bu adam be­de­ni üçin örän peý­da­ly­dyr. Li­mon­ly suw be­den­dä­ki aş­gar de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ga we ge­rek bol­ma­dyk ýag­lar­dan, su­wuk­lyk­lar­dan sap­lan­ma­ga kö­mek ed­ýär. Li­mon­ly su­wuň güýç be­ri­ji hä­si­ýe­ti ko­fe­niň­ki­den pes däl, ol ada­my dok sak­la­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we

der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.

 

Agyz-burun örtükleriniň dakylmaly ýerleri