SPORT

Tokio-2020: kubaly türgen 4-nji gezek Olimpiýa çempiony

Kubaly türgen Mihain Lopes Nunýes 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşi boýunça ökde türgen Mihain Lopes bu ugurda russýaly türgen Aleksandr Kareliniň rekordyny täzeledi. Karelinde 3 altyn medal bar.

Kubaly göreşçi Lopes Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 130 kilogram agramda çykyş edip, final tutluşygynda gruziýaly türgen Ýakob Kajaýyny ýeňip, özüniň 4-nji Olimpiýa çempionlygyny, ýurdunyň bolsa bu oýunlardaky 2-nji altyn medalyny gazandy.

Bu ugurda üçünji orunlary rus türgen Sergeý Semenow hem-de türk türgen Ryza Kaýaalp eýeledi.

BMG Türkmenistanyň ulag başlangyjyny goldady

Related posts

Perisiç “Tottenhem” toparyna geçdi

Ýamal üçin 200 million ýewrolyk teklip

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri