BMG Türkmenistanyň ulag başlangyjyny goldady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi.

48 döwletiň awtordaşlyk etmegindäki kararnama biragyzdan kabul edildi. DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady we döwlet Baştutanynyň öňe süren bu kararnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmeginiň pandemiýany we onuň ykdysady hem-de sosial täsirlerini ýeňip geçmek boýunça halkara we sebit tagallalary bilen utgaşýan durnukly ösüş üçin halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesine aýawly çemeleşmesiniň ýene bir tassyknamasy bolandygyny nygtady.

Bu kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün etmek baradaky kararnamalaryň üstüni ýetirdi. Kararnamada görkezilen ýörelgeleriň 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň netijeleri boýunça başy başlanan ulag gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek prosesi bilen utgaşýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, kararnamada şeýle-de 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň ähmiýeti barada hem bellenilýär.

 

Ulag-logistika ylmy merkezi okuwa kabul edýär

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa - Goa, Sankt-Peterburg - Deli we Sankt-Peterburg - Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa...
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç...
Hindistanyň saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawia ýurduň oktýabr aýynda “Covid” sanjymyny eksport edip başlajakdygyny habar berdi. Hindistan döwleti öz zerurlyklary we daşary ýurtlara eksport üçin aýda 300 milliondan gowrak dozada sanjym öndürmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki iň uly sanjym öndürijisi, içerki islegi kanagatlandyrmak üçin aprel aýynda eksporty togtatdy. Şondan öň Hindistan dünýäniň 76 ýurduna 60 milliondan gowrak sanjym eksport etdi.     https://www.atavatan-turkmenistan.com/wise-premyer-s-berdimuhamedow-turkmenistan-senagat-taydan-osen-yurda-owruldi/
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar