TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tokio-2020: Eýranly türgen altyn medal gazandy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda medallar gazanylyp başlandy. 10 metr aralykda pnewmatik tüpeň atmak bäsleşiginde zenanlaryň arasynda hytaýly Ýan Sýan altyn medal gazanan bolsa, erkeklerde altyn medaly eýranly türgen Jawad Forugi gazandy.

41 ýaşy eýranly 244,8 utuk bilen birinji boldy. Ikinji orny 237,9 utuk bilen serbiýaly Damir Mikes, üçünji orny bolsa 217,6 utuk bilen hytaýly Pan Weý eýeledi.

Şeýlelikde, medallaryň sanawynda birinji orny eýeleýän Hytaýyň 2 altyn we 1 bürünç medaly bolmak bilen jemi 3 medaly bar. Mundan başga-da, Eýran 1 altyn, Russiýa, Serbiýa we Hindistan gümüş, Şweýsariýa we Indoneziýa bürünç medallary gazandy.

 

Tokio-2020: ilkinji altyn medaly Hytaý gazandy

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle