SPORT

Tokio-2020: ilkinji altyn medaly Hytaý gazandy

Hytaýly Ýan Sýan tokio-2020 Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazanan türgeni boldy. Ol bu üstünligi 10 metr aralykda pnewmatik tüpeňde ok atmak görnüşinde gazandy.

21 ýaşly Ýan Sýan bu üstünligini, ýagny altyn medalyny Olimpiýa rekordy bilen gazandy. Ol 251,8 utuk toplap, ikinji orny eýelän rus türgeni Anastasiýa Galaşinadan örän az tapawut bilen ýeňiş gazandy. Anastasiýa Galaşina bolsa 251,1 utuk aldy.

Üçünji orny eýelän şweýsariýaly Nina Krsiten 230.6 utuk toplady.

Zenanlar arasyndaky 10 metr aralykda pnewmatik tüpeňde ok atmakda geçirilen bäsleşik Saýtama prefekturasynyň Asaka sport desgasynda geçirildi.

Ilkinji altyn medalyň eýesi bolan hytaýly türgen: “Men gaty tolgunýardym. Bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy, ýöne ýeňip bilendigime gaty begenýärin” diýip belledi.

Şeýle hem ol bu barada şeýle diýdi:

– Meni utuklar gyzyklandyrmady. Diňe ýaryşda özümi kämilleşdirmek isledim. Şu ýyl Hytaý Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk senesi bellenýär. Bu altyn medalyň ýurdumyza sowgat bolandygyna gaty begenýärin.

 

 

Tokio-2020: ilkinji medallar gazanyldy

Ýene-de okaň

Özbegistandaky çempionatda Braziliýa çempion boldy

Türkmen türgenleri 9 aýda 473 medal gazandy

Messi 46-njy kubogyny gazandy

Türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin guramaçylyk topary döredildi

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Ata Watan Eserleri

Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy