TEHNOLOGIÝA

“.tm” belgili milli domen kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi.

“Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar.

Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder.

Agentligiň ýolbaşçysynyň maglumatlaryna görä, ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň ulanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.

 

Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidäki syýahatçylyk sergilerine gatnaşar

Ýene-de okaň

Aşgabat şäher häkimliginiň “Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

“Windows” ulgamyndaky näsazlyk: dünýä kompaniýalaryna täsirini ýetirdi

Ilon Mask kompaniýalaryny Tehasa göçürýär

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

Hytaýyň awtomobil kompaniýasy Türkiýede elektrikli awtomobil öndürer