TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidäki syýahatçylyk sergilerine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýy hereket edýär. Medeniýet ministrligi tarapyndan bu ugurda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk düzümini dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pudakda hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, giň möçberli işler amala aşyrylýar.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine hem-de şu ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek meýilleşdirilýär.

Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, 2023-nji ýylda halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy dörediler

Ýene-de okaň

Green Card (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Teswirle