SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: ýörite gatnaw meýilleşdirilýär

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna berlen maglumatyna görä, öňümizdäki günlerde ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrmagy meýilleşdirilýär.

Berlen maglumata görä, şu ýylyň 21-nji dekabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrylar.

Bilşimiz ýaly, dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe adaty uçar gatnawlarynyň ornuny halkara ýörite uçar gatnawlary aldy.

Şoňa görä, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Türk awiakompaniýasy dekabr aýynda 2 halkara ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi. Olaryň biri – 9-njy dekabrda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça, ýene-de biri bolsa – 12-nji dekabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetirildi.

Saýtymyza ýerleşdirilen habara görä, şu gün Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna 31-nji ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Related posts

Türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde köpugurly hassahana gurar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan-Bangkok we Moskwa-Bangkok gatnawlary amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Täze ugurlara halkara uçar gatnawlary açylar