TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçilere ekin ekmek üçin köp ýer bölünip berilýär

Ilatyň täze miwelere we iýmişlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin Türkmenistanyň telekeçileri degişli ekinleri ekmäge bölünip berlen ýerleri köpeldýärler we witamin önümlerini saklamak üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda sowadyjy ammarlary gurmagy dowam etdirýärler. Bu barada “www.tstb.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, şu ýyl Türkmenistanda 2019-njy ýyla seredende miweleri we iýmişleri ekmek üçin 65,2 göterim köp ýer bölünip berildi. Işewürlik 7 müň 585 gektar meýdanda 40 müň tonnadan gowrak önüm öndürmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn ýyllarda ýurdumyzda umumy kuwwaty 193 müň 250 tonna barabar bolan 38 sowadyjy ammaryň gurulmagy meýilleşdirilýän Kararlara gol çekdi. Olardan 11-si eýýäm işe girizildi, galan 27-si taslama ýa-da gurluşyk tapgyrynda.

Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar aralygynda eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynda, jemi 62 müň 200 tonna witamin önümini saklap boljak 8 sany sowadyjy ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

 

40 günlük bag ekmek çäresi yglan edildi

Ýene-de okaň

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Teswirle