JEMGYÝET

Täze wab sahypasy açyldy: mejlis.gov.tm

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleriň giňden ýaýran döwründe täze web sahypalarynyň hem açylmagy dowam edýär. Ýurdumyzyň ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň köpüsiniň öz resmi web saýtlary işe girizildi.

Täzelikde bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň web saýty işe başlady. “mejlis.gov.tm” saýtynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň gurluşy hem-de onuň alyp barýan işleri barada maglumat almaga mümkinçilik döredilipdir. Şeýle hem internet sahypasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kanunlary, kararlary we kodeksleri barada hem gyzyklanma bildirýänler üçin maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Internet sahypasynda “Habarlar”, “Mejlis hakynda”, “Kanunçylyk”, “Deputatlar”, “Halkara gatnaşyklar” we “Maglumat” bölümleri ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem web saýt arkaly ýurdumyzdaky täzelikleri bilen hem tanyşmak mümkinçiligi döredilipdir.

 

Ýene bir websaýt işläp başlady:tmyurthabar.com

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy