Ýene bir websaýt işläp başlady:tmyurthabar.com

Ýurdumyzda soňky wagtlarda täze habar saýtlary yzygiderli açylýar we halkyň habara dessin we ýokary hilli elýeterli bolmagy üçin hereket edýän we täze açylýan websaýtlar uly goşant goşýar. Ine olaryň biri hem, täze açylan tmyurthabar.com websaýty. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bolup habar websaýtlarynyň sanynyň artmagyna begenýäris we  buýsanýarys! Şol sebäpli biz  eýýäm köp wagtdan bäri ýurdumyzda açylan her bir habar websaýty boýunça täzeligi öz saýtymyza ýerleşdirip gelýäris. Pursatdan peýdalanyp, tmyurthabar.com websaýtynyň ýolbaşçylaryna we döredijilik işgärlerini täze websaýtyň işläp başlamagy bilen gutlaýarys we halk köpçüliginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

Täze açylan websaýtda bellenişine görä, tmyurthabar.com websaýty türkmen hem-de dünýä okyjylaryny türkmen halkynyň edebi, medeni, taryhy gymmatlyklary, milli medeni mirasy, däp-dessurlary bilen türkmen hem-de rus dillerinde tanyş etmek maksady bilen döredilýär.

tmyurthabar.com websaýtynyň işi köpgörnüşlidir we köpugurlydyr. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda amala aşyrýan zamanabap özgertmelerini, türkmen Lideriniň halkara giňişliklerinde öňe sürýän we durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlaryny žurnalistikanyň, çeper edebiýatyň dürli žanrlaryny we görnüşlerini giňden ulanmak bilen, okyjylara düşnükli, sada dilde çeper beýan eder.

 

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!