BILIM

“Täze Özbegistan” uniwersiteti döredildi

Özbegistanda “Täze Özbegistan” atly ýokary okwu mekdebi döredildi. Bu babatda ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli karara gol çekdi.

Özbegistanyň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, uniwersitet döwlet ýokary okuw mekdebi görnüşinde guralar, esasy wezipeleri: abraýly daşary ýurt uniwersitetleriniň bilim programmalaryna esaslanýan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, talyplaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek we hemmetaraplaýyn amatly gurşaw döretmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şu maksat bilen täze uniwersitetdäki bilim bermegiň işi daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda guralar. Mysal üçin, giriş synaglary Kembrij uniwersitetiniň kömegi bilen geçiriler. Okuw meýilnamalary we maksatnamalar Massaçusets tehnologiýa instituty we Mýunhen tehniki uniwersiteti bilen bilelikde işlener. Bu uniwersitetler, şeýle hem bilimiň hiline gözegçilik edip, barlaghanalaryň we kitaphanalaryň enjamlaşdyrylmagyna kömek eder.

Bäş fakultet bolar: inženerçilik, tebigy ylymlar, dolandyryş, agrotehnologiýa we maglumat tehnologiýasy. Okuw döwlet we iňlis dillerinde bolup, grant we şertnama esasynda kredit baha ulgamy esasynda geçiriler.

Okuw jaýynyň akademiki binalary we uniwersitet şäherçeleri halkara BREEAM şahadatnamalaryna laýyk geler. Ilkinji okuw ýylyny şu ýylyň sentýabr aýynda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Uniwersitetiň täze binasynyň gurluşygy tamamlanýança, okuw sapaklary Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň ulanylmadyk binalarynda geçiriler.

Uniwersitetiň esasy wezipelerinden biri, ykdysadyýetiň pudaklarynyň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, talyplary çuňňur ylmy we innowasiýa işleri işjeň çekmek maksat edinilýär. Şu maksat bilen uniwersitet dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk eder, şol sanda ylmy žurnal dörediler.

 

Elektrik ulaglarynyň satuwy ýokarlandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji ýokary okuw mekdebi gurulýar

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär

Türkmenistanda emeli aň boýunça bäsleşik geçiriler

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy