TEHNOLOGIÝA

Elektrik ulaglarynyň satuwy ýokarlandy

Elektrik ulaglarynyň satuwy 2020-nji ýylda 3 milliondan geçdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Dünýäde satylan elektrik ulaglarynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 41% artyp, geçen ýyl 3 milliona ýetdi. Awtoulag öndürijileriniň köpüsi soňky ýyllarda elektrik ulagy bazaryna uly maýa goýýarlar we bu awtoulaglara bolan gyzyklanma artýar.

Elektrikli ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň umumy sany 1 milliona golaýlady. Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda 137 göterim ýokarlandy we jemi 1 million 395 müň elektrik ulagy satyldy.

Global elektrik ulaglarynyň satuwynyň 2021-nji ýylda 4,6 milliona ýetmegine garaşylýar. Bu ýylky ösüşe Demirgazyk Amerika we Hytaý ýolbaşçylyk eder diýlip garaşylýar.

 

Ispaniýa we Gresiýa örtük dakynmagy ýatyrýar

Related posts

Kosmos giňişligi üçin maýa goýumlar

Iňlis dilini has aňsat öwreneliň: Intellektual sahypamyz

Ata Watan Eserleri

Sesi klonlap suraty gepledýän emeli intellektli habar gepleşigi has kämilleşýär