TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Täze dokma toplumy işe giriziler

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň kuwwaty ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardyr.

Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar, şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny dörediler.

 

Keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans öndürýän zawod gurlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle